Pyrtykal

Pyrtykal dünýäde iň meşhur miwe hasaplanylýar. Ol, takmynan, dört müň ýyl mundan öň Gündogar Aziýada ösdürilip ýetişdirilipdir. Onuň peýdaly taraplary has ir döwürlerden mälim bolupdyr. Pyrtykal Gündogar Aziýadan ilki Hindistana, ondan hem howa şertleri gabat gelýän ýurtlara ýaýrapdyr. Alymlar pyrtykalyň müňlerçe ýyl öňki görnüşiniňem ýabany miwe bolmandygyny, olaryň hytaý greýtfrutyndan gelip çykan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Bir sany pyrtykal düzüminde adam üçin zerur bolan C ýokumyň gündelik mukdaryny saklaýar. Miwesinde uglewodlar, süýüm, fitonidler, kaliý, fosfor, kalsiý, şeýle hem gabygynda efir ýaglary bar.

Pyrtykalyň şiresi köp peýdaly maddalary özünde jemleýär, olar doňan ýagdaýynda-da saklanýar. Onuň miwesiniň suwuny urolitiaz we öt haltasynyň dowamly kesellerinde peýdalanmak maslahat berilýär. Ol işdäni açýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar.

Şiresi antioksidant häsiýete eýedir, bedene bejeriji täsir edip, metabolik önümleri we toksinleri bedenden çykarýar. Şeýlelikde keselleriň ýüze çykmagyny aradan aýyrýar.

Murteza DÖWLETSÄHEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok