Çepbekeýlik — bu çep eliň esasy bolup çykyş etmegidir. Şonda kelle beýniniň ýarym şarlarynyň sag böleginiň işi dogabitdi agdyklyk edýär. Çep el kelle beýniniň ýarym şarlarynyň sag tarapyna degişlidir, beýniniň ol bölegi bolsa döredijilige jogap berýär.
Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, dünýädäki ilatyň 10 göterimden gowragy çepbekeýlerdir. Olaryň bellemeklerine görä, çepbekeýler hem zehinli we ukyply bolýarlar. Olara Lýuis Kerroll, Mikelanželo, Leonarda Da Winçi ýaly meşhur şahsyýetler degişlidir. Şeýle adamlaryň fantaziýasy, sazy eşidiş ukyby, assosiatiw ýady has ösen bolýar. Çepbekeýlik diňe bir adamlarda däl, hatda kepderilerde-de, arylarda-da, balyklarda-da bolup bilýär.
Çepbekeýliginiň ýüze çykmagyna çaganyň körpelikde şikes almagynyň sebäp bolmagy-da mümkindir. Mundan başga-da bu häsiýet nesilden-nesle hem geçip bilýär. Çepbekeýlik kelle beýniniň ýarymşarlarynyň çylşyrymly ulgamynyň şöhlelenmegidir. Şonuň üçin, ýokarda belleýşimiz ýaly, çepbekeýleri mejbury sag ele geçirmek onuň psihikasynyň hil taýdan bozulmagyna getirip biler.
Çepbekeýleriň esasy meselesi olaryň sanynyň sagakaýlara görä azlygyndadyr. Şol sebäpli olaryň kynçylyklara gabat gelmekleri hem mümkindir. Bu ýagdaý bolsa ata-enelerde ynjalyksyzlyk döredýär. Olar başlangyç synplarda çaganyň ýazuwynyň owadan bolmazlygyny hem çepbekeýlikden diýip pikir edýärler.
Arzuw ATALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler