Alabaýyň daşky görnüşini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň sergisi

Türkmenistanda müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen döwlet derejesinde sergiler, döredijilik bäsleşikler gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisi açyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok