Eýfel diňi

Eýfel diňi – Fransiýanyň paýtagty bolan Parižiň merkezindäki iň meşhur binagärlik ýadygärligi bolan demir diňdir. Bu diň baş dizaýner Gustaw Eýfeliň adyny göterýär. Eýfeliň özi bu diňi ,,300 metrlik diň’’ diýip atlandyrdy. Parižiň nyşanyna öwrülen bu minara 1889-njy ýylda guruldy we başda wagtlaýyn gurluş hökmünde bolupdy, 1889-njy ýyldaky Pariž Bütindünýä sergisine girelge bolup hyzmat etdi. Bu minarany dünýädäki iň köp gezelenç edilýän we iň köp surata düşülýän ýer diýlip hasap edýärler.

1889-njy ýyldaky Bütindünýä sergi Parižde geçirildi we fransuz rewolýusiýasynyň 100 ýyllygyna gabat geldi. Pariž şäher häkimligi binagärlik ýaryşyna gatnaşmak teklibi bilen meşhur fransuz inženerlerine ýüzlendi. Şeýle bäsleşikde ýurduň inženerçilik we tehnologiki üstünliklerini görnükli görkezmek üçin bir gurluş döretmeli boldy. Hususan-da, şeýle teklip Gustaw Eýfeliň inženerçilik býurosyna geldi. Eýfeliň özünde-de taýyn pikir ýokdy, ýöne yza süýşürilen taslamalar hakda pikir alyşandan soň, bir rus tarapyndan döredilen diňiň eskizini tapdy. Bu eskizi tamamlamaga Emile Nugier hem gatnaşdy. Bäsleşige 300 metrlik diňiň çyzgylary gowşuryldy. Ondan öň, 1884-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Gustaw Eýfel öz işgärleri bilen taslama üçin bilelikde patent aldy we soňra olardan aýratyn hukugy satyn aldy. Bütindünýä sergisiniň bäsleşigi 1886-njy ýylyň 1-nji maýynda başlandy. Bäsleşige 107 dalaşgär gatnaşdy, Eýfel tarapyndan teklip edilen diň dizaýny belli bir derejede gaýtalandy. Eýfeliň dizaýny dört ýeňijileriň birine öwrülýär, soňra Eýfeliň dizaýnyna birnäçe üýtgeşmeleri we bezegleri girizýärler we netijede kommutet Eýfeliň dizaýnyny gurmaga karar alýarlar.

Minara Senu derýasynyň üstündäki Ýen köprüsiniň garşysyndaky Marso meýdanynda guruldy. Ilki bilen Eýfel diňi ýer derejesinden 300,65 metr ýokarlandy, täze antena bilen bilelikde beýikligi 330 metre ýetdi. 40 ýyldan gowrak wagt bäri Eýfel diňi dünýädäki iň beýik bina bolup, şol döwürdäki dünýäniň  iň beýik binalaryndan iki esse beýikligi bilen meşhurlyk gazandy.

Berdimyrat ARAMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok