- Dünýäde iň beýik agaç Kaliforniýada ösýän Hyperion atly sekwoýa bolup, onuň boýy 116 metrden hem geçýär. Bu takmynan 35 gatly binanyň beýikligine deňdir.
- Käbir bambuk görnüşleri amatly şertlerde bir gije-gündizde 90 santimetre çenli ösüp bilýär. Şonuň üçin bambuk dünýäde iň çalt ösýän ösümlikleriň biri hasaplanýar.
- Dünýäde iň uly gül Rafflesia bolup, onuň diametri 1 metre golaý, agramy bolsa 10 kilograma çenli ýetýär.
- Käbir ösümlikler diňe gijelerine gülleýär. Mysal üçin, “Gijäniň şa zenany” diýlip atlandyrylýan kaktusyň güli diňe bir gije açyk bolýar.
- Mimoza ösümliginiň ýapraklaryna eliňiz degen badyna birnäçe sekuntyň içinde ýapylýar. Bu onuň daşky täsirlere garşy gorag usulydyr.
- Ýertudana gündelik durmuşda miwe diýlip atlandyrylsa-da, botanika ylmyna görä hakyky miwe däldir. Onuň ýüzündäki ownuk däneler hakyky miwelerdir.
- Kokos palmasy onlarça ýyllap hasyl berip, ýylda 70-den gowrak kokos ösdürip bilýär.
- Alymlaryň hasaplamalaryna görä, dünýäde 3 trilliondan gowrak agaç bar. Bu bolsa her bir adam başyna ortaça 400-den gowrak agaç düşýändigini aňladýar.
- Bir uly agaç bir ýylda takmynan 120 kilogram kislorod öndürýär. Bu mukdar 2–3 adamyň bir ýyllyk kislorod islegini kanagatlandyryp bilýär.
- Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injir agaçlarynyň kökleri 120 metre çenli çuňluga aralaşýar. Bu 30 gatly binanyň beýikligine deňdir.
- Dünýäde ösümlikleriň 390 müňden gowrak görnüşi bellige alnypdyr.
- Bir tonna kagyz öndürmek üçin ortaça 17 sany uly agaç ulanylýar.
- Dub, sosna we arça agaçlaryna ýyldyrym köp düşýär. Derek agajyna bolsa ýyldyrym örän seýrek düşýär.
- Dünýäde iň uly tohum Seýşel palmasynyň tohumydyr. Onuň agramy 20 kilograma çenli ýetip bilýär.
- Käbir çöl ösümlikleri ýagyş ýagmasa-da birnäçe ýyl ýaşap bilýär. Olar zerur suwy köklerinde ýa-da baldaklarynda saklaýarlar.
- Kömelekler ösümlik däl. Olar biologik taýdan aýratyn topar – kömelekler dünýäsine degişlidir.
- Häzirki wagtda dünýäde 2 milliona golaý kömelek görnüşiniň bardygy çak edilýär. Alymlar olaryň diňe az bölegini doly öwrenipdirler.
- Kömelekleriň düzüminiň takmynan 90 göterimi suwdan ybaratdyr.
- Dünýäde ilkinji antibiotik bolan penisillin kömelekden alyndy. Bu açyş lukmançylyk ylmynyň ösüşinde möhüm öwrülişikleriň biri boldy.
Jennet Çaryýewa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň 4 nji ýyl talyby.
Teswirler