Soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli halk häkimiýet edarasy hökmünde Halk Maslahaty döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, halkyň isleg-arzuwlaryny beýan etmäge hem-de uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Döwlet durmuşynyň möhüm syýasy wakalarynyň biri hökmünde bu mejlisde ýurdumyzyň ösüşiniň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljerilmegine we geljekki wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisleri diňe bir möhüm syýasy waka bolman, eýsem jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli maslahatlaşyk meýdançasy bolup hyzmat edýär. Bu mejlislerde ykdysadyýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, oba hojalygy, sanlylaşdyrmak, ýaşlar syýasaty we beýleki möhüm ugurlar boýunça geljekki ösüşiň esasy wezipeleri kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň başlanandygyny belledi. Çykyşda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy hem-de döwlet syýasatyny täze başlangyçlar bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem ähli özgertmeleriň baş maksadynyň raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmekden ybaratdygy aýratyn bellenildi.
Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti onuň türkmen döwletliliginiň gadymy däplerini häzirki zaman dolandyryş ulgamy bilen utgaşdyrýandygynda ýüze çykýar. Milli maslahatlaşmak däbi asyrlarboýy halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp gelipdir. Häzirki döwürde bolsa bu ýörelge döwrebap hukuk esaslarynda dowam etdirilip, möhüm döwlet çözgütleriniň kabul edilmegine giň jemgyýetçiligiň gatnaşmagyny üpjün edýär.
Syýasy-jemgyýetçilik nukdaýnazardan seredeniňde, Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasyndaky özara ynamy pugtalandyrýan möhüm institutlaryň biridir. Mejlisde öňe sürülýän başlangyçlar diňe bir häzirki döwrüň meselelerini çözmäge däl, eýsem uzak möhletleýin ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär. Şonuň üçin hem Halk Maslahatynyň kabul edýän çözgütleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, durmuş ulgamynyň kämilleşmegine hem-de halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň agzybirliginiň, milli jebisliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň aýdyň beýany bolup, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär. Halk bähbitli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi, milli gymmatlyklaryň goralmagy hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň esasy mazmunyny düzýär.
Pälwan Nurmedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň dekany
Teswirler