Täze okuw ýylynyň golaýlaşmagy bilen ýurdumyzyň bilim edaralarynda taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Mekdeplerde okuwçylary täze okuw ýylyna garşy almak üçin zerur şertler döredilýär, şol sanda ýurdymyzyň ähli künjeklerindäki söwda nokatlarda mekdep bazarlarynyň gurnalmagy, okuwçylaryň okuw esbaplaryny, mekdep lybaslaryny we dürli zerur serişdeleri saýlap almak üçin mümkinçilikler hödürlenýär.
Her täze okuw ýyly ýaşlar üçin täze maksatlaryň, arzuwlaryň we ilkinji üstünlikleriň başlangyjydyr. Bu aýratyn-da ilkinji gezek mekdebiň bosagasyndan ätleýän körpe okuwçylar üçin has tolgundyryjy wakadyr. Olaryň ilkinji okuw ýylyna taýýarlygy döwlet derejesinde hem uly ähmiýete eýe.
2026–2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek baradaky Karar Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyldy. Noutbuklaryň ýurdumyzyň önüm öndürijileri bolan «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasyndan hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinden satyn alynmagy göz öňünde tutuldy. Ähli enjamlaryň 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnalyp, programma üpjünçiligi bilen üpjün edilmegi hem-de tehniki hyzmatynyň ýola goýulmagy meýilleşdirildi.
Birinji synpa gadam basýan çagalara noutbuk sowgat etmek birnäçe ýyldan bäri dowam edip gelýän asylly däbe öwrüldi. Bu däp çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ir ýaşdan ösdürmäge we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden okuw maksatlary üçin peýdalanmaga şert döredýär. Şeýle hem bu sowgat häzirki zaman biliminiň diňe kitap we depder bilen çäklenmän, elektron serişdeleriň hem möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, okuw mazmunyny döwrebaplaşdyrmak we ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary özleşdirmegi üçin şertleri giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bilim edaralarynyň kompýuterler we beýleki döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, elektron maglumatlaryň we interaktiw tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy bu ugurdaky ösüşiň möhüm bölekleridir.
Bilim ulgamynyň ösüşi diňe täze binalaryň ýa-da tehniki enjamlaryň sany bilen ölçenmeýär. Onuň esasy maksady çagalaryň döwrebap bilim almagy, özbaşdak pikirlenmegi, dürli tehnologiýalary netijeli ulanmagy we geljekde jemgyýete zerur hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmekdir. Şu nukdaýnazardan, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri hem ýaş nesliň bilim-terbiýesine gönükdirilen uzak möhletli işleriň möhüm bölegi bolup durýar.
Şeýlelikde, 2026–2027-nji okuw ýylynyň bosagasynda mekdeplerde dowam edýän taýýarlyk işleri, mekdep bazarlarynyň guralmagy hem-de birinji synp okuwçylaryna döwrebap noutbuklaryň sowgat edilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda täze nesli häzirki döwrüň talaplaryna laýyk taýýarlamaklyga gönükdirilen çäreleriň biri hökmünde çykyş edýär.
Nurjemal Allajanowa
Daşoguz şäherindäki 33-nji çagalar bagynyň işgäri
Teswirler