Geçen okuw ýylynda Ýapon Gaznasynyň guramagynda we howandarlyk etmeginde ýapon dilinden bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda talyplaryň ýapon dilini biliş derejesini anyklaýan test görnüşinde geçirildi. Ikinji tapgyrda bolsa ýapon dilinde pikirleniş ukyplaryny anyklamak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bäsleşigiň iki tapgyrynda hem üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Sähra Akmyradowa 1-nji orna mynasyp boldy we sentýabr aýynyň 6-20 aralygynda Ýaponiýa döwletine okuw saparyna gitmäge hukuk gazandy.
Sähra: “Ýaponiýa baran günüm mugallymlar we jogapkär adamlar meni örän mähirli garşyladylar. Men Osaka şäherinde Ýapon gaznasynyň garamagyndaky Halkara Kansai institutynda ýapon dilini has hem çuňlaşdyryp öwrendim. Maňa Ýaponiýanyň iň meşhur ýerleri bolan Tokýo, Kýoto, Hiroşima we Osaka şäherlerine syýahat etmek, olaryň adatdan daşary tagamlaryndan iýip görmek, ýapon adamlary bilen içgin söhbetdeş bolmak miýesser edendigi üçin özümi diýseň bagtly duýýaryn. Meýilnama boýunça dünýäniň 42 döwletinden saýlanan talyplaryň bir maksat bilen bir ýere jemlenmegi bilen ýapon dili sapaklary we Ýaponiýa syýahat örän täsirli we ýatda galdyryjy boldy. Gysga wagtlyk hem bolsa örän köp tejribe topladym we dürli ýurtlardan köp dostlar edindim. Men hem öz ýurdum barada çykyş edip, Aşgabat şäherimiz barada gürrüň berdim. Olar biziň ýurdumyza örän gyzyklanma bildirdiler.”
Tehnologiýanyň we ykdysadyýetiň iň ösen döwletiniň biri bolan Ýaponiýanyň esasan hem owadan tebigaty we mähirli adamlary mende uly täsir galdyrdy. Ýaponiýa bolan saparym ýapon dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge bolan höwesimi has-da artdyrdy.
Teswirler