Daşary ýurt dilini öwrenmekde has ýokary netije gazanmaga gepleşik tejribesi ýardam edýär. Gündelik öz öwrenýän diliñizde gepleşmek üçin söhbetdeş tapyñ ýa-da bu dilde öwrenen zatlaryñyzy özüñize gürrüñ beriñ ýa bolmasa-da gepleýän zatlaryñyzy diktofona ýazdyryñ. Şeýle hem öz islegiñize görä, daşary ýurt dilinde gepleşip boljak dil öwreniş okuwlaryna ýa-da gyzyklanma klublaryna gatnap bilersiñiz.
Özüñizi durmuşyñ daşary ýurt dilinde geplemek zerur bolan dürli ýagdaýlarynda diýip göz öñüne getiriñ. Bu adatça dükana baryp söwda etmek ýa-da Oskar baýragyny gazanan adam mysaly ýagdaý bolup biler.Bu ýagdaýlary ýerine ýetirmek diñe bir gepleşigi ösdürmage däl eýsem daşary ýurt dilinde gepleşilende çekinjeñlik duýgusyny ýeñip geçmäge hem kömek eder.
Öz söz baýlygyñy has-da artdyrmak meselesinde iñ bir netijeli usul hem her gün ortaça 5 söz öwrenmekdir. Bu sözleriñ has gowy öwrenilmegi üçin öwrenen sözleriñizden sözlem düzmäge çalşyñ.Täze öwrenilýän sözleri özleşdirmek üçin olary yzygider gaýtalamak gerekdir.
Filmlere asylky dilinde tomaşa etmek daşary ýurt dilindäki sözleri özleşdirmäge we düşünmek endiklerini ösdürmäge ,söz baýlygyny artdyrmaga hem-de sözleri aýdyşyñy suwaralaşdyrmaga ýardam edýär. Sözlere we sözlemlere has gowy düşünmek, olary ýatda saklamak üçin öwrenýän diliñizde setirleri bolan filmler siziñ daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmegiñize netijeli ýardam eder.
Töre TAÝLYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen
milli dünýä diller institutynyň ýewropa dilleri
we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler