Kämil terbiýeçilik işi — sagdyn nesilleriň geljegi

Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Döwletimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar.

Çagalar bagy, okuwçylaryň ilkinji dil endiklerini ösdürýän ýeri. Üç, dört we bäş ýaşynda gulak aýdylyşynyň tapawudyna duýgur bolýarlar. Hut şu ýaşda aýdylyşyň we aýdyňlaşdyrmagyň usuly kesgitlenýär we çagalara täze sesleri köpeltmek üçin iň aňsat wagt bolýar. Bu döwürde medeni, leksiki we fonologiki salgylanmalar ýüze çykýar.

Dürli dilleriň seslerine düşünmek, çagalar bagynyň möhüm maksady bolan çagalaryň dilden bilmek endikleriniň ösmegine goşant goşýar. Bäş okuw ugrunda, esasanam “Dili ähli ölçeglerde mobilizlemek” we “Dünýäni öwrenmek” ugurlarynda öz ornuny tapýar.

Lingwistik dürlülige düşünmek, taýýarlyk kursunda we okuw döwründe dowam etjek häzirki zaman daşary ýurt dillerini öwrenmek prosesinde ilkinji ädimleri döredýär.

Çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ähli taraplaýyn zehin-ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak bilen olarda tebigata, zähmete, daşky-gurşawa söýgi döredilýär. Ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly wezipeler ýaş nesilleriň ähtaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, döwletli döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Gülruh AGAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok