Wizual görnüşli gollanma sözlügiň awtory — ýaş talant

Dilnoza Rozumbaýewna Mamutniýazowa häzirki wagtda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetinde bilim alýar.

Ýaş talant barada belläp geçsek, şu ýyl Dilnoza Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Ýaş alymlar geňeşiniň” guramagynda geçirilen Ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi.

Dilnozanyň bu ýeňişine özüniň köp dilli wizual sözlük arkaly daşary ýurt dillerini özbaşdak öwrenmegiň innowasion usullary atly ylmy işi bilen mynasyp boldy. Ýagny, Dilnoza ýurdumyzda ilkinji gezek ýazylan jemi 4 dilde, 3 uly bölüm hem-de 650 sahypadan ybarat bolan ýokary hilli dizaýn edilen Wizual görnüşli uly gollanma sözlügiň awtorydyr.

Mundan başga-da Dilnoza Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň gurnamagynda Ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak boýunça geçirilen “SANLY INNOWASIÝALAR” atly taslama bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Bulardan başga, BMG, ÝUNISEF-iň guramagynda geçirilen Ýörite elektron kitaplary işläp tayyarlamak boýunça okuw maslahatyna gatnaşyp öz kitabynyň elektron görnüşi hakynda çykyş eden hemde ÝUNISEF-iň sertifikaty, 2023-nji ýylyň dowamynda 6 sany Abraýly indekslenýän Halkara žurnallarda çap edilen ylmy makalalaryň awtory – olar üçin ýörite daşary ýurt tarapyndan sertifikatlary bilen sylaglandy.

Dilnoza esasan özüniň boş wagtlary dizaýn, ýazyjylyk bilen meşgullanýar. Şeýle hem, şol bir wagtda Dilnozanyň alyp baryjylykdan, aýdym-saz sungatyndan hem başy çykýar. Ýaş talantyň ýene bir aýratynlygy bolsa, häzirki wagtda Oguzhan uniwersitetinde ýörite umumy ýaşaýyş jaýynda öziniň döreden 10-dan gowrak gurnaklarynda okuwdan daşary 500 golaý gyz talyplary daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri üçin okadýar.

Yhlas BEKJANOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen Döwlet uniwerstitetiniň talyby
, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok