«Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde howpsuzlygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara forumy

Sişenbe güni paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Mejlisi bilen bilelikde «ÝHHG çäginde howpsuzlygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara forumy geçirildi. Foruma dürli ýurtlardan mejlis agzalarynyň wekilleri, ÝHHG-niň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, şeýle hem uniwersitetleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Forumda esasan gapma-garşylyklary çözmek üçin howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri üpjün etmekde we berkitmekde bitarap döwletleriň möhüm ornuna, şeýle hem daşary syýasaty durmuşa geçirmekde parlament diplomatiýasynyň orny barada seredildi. Şeýle hem forumda Türkmenistan ýurdumyzyň gysga wagtyň içinde dünýä arenasynda parahatçylyga we howpsuzlyga gönükdirilen özboluşly daşary syýasaty durmuşa geçirýän başlangyçlary barada aýdyldy.

Bularyň hemmesi, ýurduň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde bitaraplygyň kanuny statusynyň yzygiderli gidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog we parahatçylygyň kepili” atly halkara başlangyjy, halkara jemgyýetçiliginiň dünýä halklarynyň parahatçylykly we ynamdar ýaşamak däplerini güýçlendirmek, gymmatlyk garaýyşlaryny we ideologiki garaýyşlary dikeltmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Mährijemal ALLANAZAROWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok