Ýaňy ýakynda Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki kinofestiwaly geçirildi.
Kinofestiwalda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Mongoliýanyň we Indoneziýa Respublikasynyň surata düşüren dürli kinofilmleri görkezildi.
Şeýle hem türkmen tarapy kinorežissýor S.Baýramowyň surata düşüren “Gyzyl kürte” atly filmini, şeýle hem A.Eýeberdiýewiň režissýorlygynda surata düşürilen “Istärin” atly filmini koreý dilinde tomaşaçylara ýetirdi.
Kinofestiwalynyň çäklerinde sergi hem guraldy. Türkmenistanyň milli pawilýonynda döwletimiziň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen zenanlarynyň ussatlyk bilen dokan halylary, milli el işleri, keteni, zergärçilik önümleri ýerleşdirilen ekspozisiýalar hem-de häzirki zaman surat usulyny milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylyp çekilen fotosuratlaryň dürli görnüşleri görkezildi.
Merdan HAKNAZAROW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler