«Türkmenpoçta» 30 ýaşady!

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy 30 ýaşady. Kompaniýa öz işine 1993-nji ýylyň aprelinde başlady.

1993-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edildi we şondan bäri hem ýurdumyzyň poçta ugrundan operatory bolup çykyş edýär.

Dünýäniň ähli poçta edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we bütin dünýäniň poçta markalaryndan özboluşly toplum döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy poçta markalarynyň ýüzlerçesini çykardy. Olarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti we sungaty, türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi dürli öwüşginlerde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyndaky üstünlikler şöhlelenýär.

Poçta hyzmatynyň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi üçin 1996-njy ýyldan «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy poçta ýollanmalaryny eltmegi çaltlandyrmak maksady bilen, «EMS Express Mail Service» geçirijilerine birleşdirilip, 3-4 günüň dowamynda ýollanmalar ýer togalagynyň islendik nokadyna ýetirilýär. Bu hyzmat gysga wagtda müşderileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän hat-habarlaryň, göndermeleriň sanynyň barha artmagyna täsirini ýetirdi.

Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak adam işläp, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Şeýle-de kompaniýanyň üsti bilen dünýäniň 190-dan gowrak ýurduna hat-habarlary, poçta ýollamalaryny ugratmak we kabul etmek mümkin.

Ezizmuhammet HAJYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok