Şem sagatlaryny kim oýlap tapdy?

Şem sagady – şemiň ereýän wagtyna baglylykda geçen wagtdyr. Şem sagady gadymy döwürde ulanylypdyr. Wagty ölçemek üçin dürli uzynlykdaky şemlerden peýdalanylypdyr. Şem sagadyna başgaça ot sagady hem diýilýär.

Şem sagady ýewropa sebitlerinde köplenç gije we bulutly günlerde ulanylypdyr. Şem sagadyny kimiň oýlap tapandygy belli däl, ýöne şem sagady ilkinji gezek resmi taýdan X asyrda (500-520-nji ýyllarda) You Jiangu atly hytaýly tarapyndan 20 minutlyk aralykda goşgy ýazmak üçin ulanylypdyr.

Şem sagatlary orta asyrda Angliýadaky köşklerde we ybadathanalarda hem ulanylypdyr. Şemleriň öçüp galmazlygy üçin olara ýörite bir adam gözegçilik edipdir. Şol wagtlar her bir şemiň ortaça wagty 4 sagat bolupdyr.

Iň kämil we owadan şem sagatlary alym Al-Jazari tarapyndan 1206-njy ýylda öndürilendigi mälim edilýär.

Dawutgeldi GULGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok