Buzdaglary (aýsbergler) barada gyzykly maglumatlar

Aýsbergler Antarktidanyň we Arktikanyň kenarýaka böleginden bölünip aýrylýan ägirt uly buz bölekleri bolup, olara başgaça «buzdaglary» hem diýilýär. Bu äpet buz bölekleri bölünip gaýdan ýerlerinden erkin ýüzüşe çykanlaryndan soň, ummanlaryň akymyna görä hereket edip, müňlerçe kilometr arany açýarlar we ýyly ýurtlaryň ýerleşýän ýerlerine çenli baryp ýetýärler. Arktikadan bölünip gaýdan buzdaglaryň 4000 kilometr aralygy geçip, Bermud adalaryna çenli, Antarktidadan ýüzüp gaýdan aýsbergleriň 5000 kilometr ýol söküp, Rio-de-Žaneýronyň kenarlaryna çenli ýetýän ýagdaýlary hem bolýar.

Aýsbergleriň dykyzlyk derejesi deňiz suwunyň dykyzlygyndan 10 göterim pesdir. Şonuň üçin hem daşky görnüşiniň juda uludygyna we agramynyň müňlerçe tonna ýetýändigine garamazdan, olar suwuň düýbüne çümmeýärler. Şeýle hem olaryň göwrüminiň 90 göterim bölegi elmydama suwuň aşagynda ýerleşýär. Suwuň üstündäki görünýän bölegi bolsa onuň bary-ýogy 1/10 bölejigidir.

Adatça, aýsbergler ýyly suwlarda ýüzmek bilen basym eräp gidýärler. Emma olaryň arasynda onýyllyklaryň dowamynda ýüzüşip ýörenleri hem duş gelýär. Şeýle uzak ýaşaýan aýsbergleriň üstünde alymlaryň barlag işlerini geçirýän beketleri ýerleşýär.

Äpet buzlaryň dünýä ummanlarynda ýüzüp ýörmegi ýolagçy gatnadýan we ýük daşaýan gämiler üçin uly howp döredýär. Şonuň üçin 17 sany döwletiň hemaýat etmeginde ummanlarda döräp biljek howp barada gämilere duýduryş beriji ýörite gözegçiler hereket edýärler. Olar howp döredip biljek aýsbergleri açyk reňkler bilen belgileýärler we olaryň ugruny emeli hemralaryň üsti bilen yzarlaýarlar. Şeýle gözegçiligiň ýola goýulmagy bolsa birnäçe heläkçiligiň öňüni alyp bilýär.

Gaýgysyz HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok