Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda jemgyýetde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi möhüm meseleleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz sportuň dürli görnüşleri babatda ýaşlara nusgalyk göreldedir. Mähriban Arkadagymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň adamy diňe beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, zähmete söýgini we maksada okgunlylygy terbiýeleýändigini yzygider nygtaýar.
Häzirki wagtda sport tutuş dünýä ýüzünde ählumumy abadançylygy, halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ulgamda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öz miwelerini bermek bilen, türkmen sporty bu gün hil taýdan täze sepgitlere çykýar, eziz Diýarymyz iri halkara sport ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty ösdürmekde alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi ata Watanymyzyň okgunly ösüşlerine şert döredýän kuwwatly güýje öwrüldi. Bu ulgamda öňe sürülýän oňyn başlangyçlar ýaş nesilleriň arasynda aýratyn goldaw tapýar. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirmek, şeýlelikde, saglygy we ruhubelentligi berkitmek möhüm wezipesdir. Çünki şeýle netijeli çözgütler eziz Watanymyzyň geljegine gönükdirilen möhüm maýa goýumy bolup, ýurdumyzda ileri tutulýan döwlet syýasatydyr.
Ýurdumyzda ilata hyzmat etjek halkara ölçegleriň derejesindäki döwrebap sport desgalarynyň gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle-de mermer paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýlekiler gurulýar. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda hem kämil derejede enjamlaşdyrylan sport binalary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, sport bilen meşgullanmak üçin zerur bolan mümkinçilikler ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanaşyk çäklerinde hem bina edilýär. Bularyň ählisi bolsa, ýurdumyzyň sport ulgamynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň, bagtyýar nesillerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamagynyň kepili bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Şadurdy ARAZMUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler