«Ýylyň parlak ýyldyzy» – Rüstem Hallyýew barada gysgaça:

ŞAHSY MAGLUMAT:

Doglan ýeri we senesi: Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etraby, 10.05.1993 ý.

Tamamlan ýokary okuw mekdebi: Türkmen döwlet medeniýet instituty, 2015 — 2020 ýý.

Üstünlikleri: «Ýaňlan, Diýarym! — 2015» telebäsleşiginiň, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň ýeňijisi.

Gyzyklanýan zatlary: türkmen alabaýlaryny saklaýar, ideg edýär, olary köpeltmek bilen meşgullanýar.

Döredijiligiň we sungatyň kalplara barýan ýollary birleşdirýändigini öz meşhur aýdymlary bilen ýene bir gezek subut eden ýaş aýdymçy, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň ýeňijisi Rüstem Hallyýew bilen guralan baýramçylyk söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirýäris.

— Rüstem, baýragyňyz hem, baýramyňyz hem gutly bolsun! Täze ýyly şeýle uly üstünlik bilen garşylamak ullakan bagt!

— Köp sag boluň! Hakykatdan-da, bagtyň haçan geljegi näbelli. Täze ýylda her birimiziň durmuşymyz bagtly pursatlardan doly bolsun!

— Sizi sungata näme getirdi?

— Höwes, arzuw diýen zatlaram bar welin… Kakam — Röwşen Hallyýew bagşydy. Sungatdaky esasy badalgalarym hem kakam bilen bagly. Kakamyň sungat ýoluny dowam etmek, adyny ýitirmezlik, onuň sargaýşy ýaly, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek — sungatdaky baş maksadym.

— Diýmek, ilkinji halypaňyz hem kakaňyz-da?!

— Elbetde. Gaýybana halypam bolsa Atabaý Çarygulyýew.

— Ýalňyşmasam, her ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýaňlanýan «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy hem kakaňyzyňky bolmaly?!

— Hawa. Kakam bu aýdymy ilkinji gezek 1993-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginde ýerine ýetiripdir. Bizem bu aýdymy täzeçe röwüşde işläp, halka hödürledik. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde jemleýji aýdym hökmünde hem şol aýdymy aýtdym.

— Maşgalaňyzda başga-da sungat adamsy barmy?

— Uly doganym Döwletgeldi Hallyýew aýdymçy. Toý aýdymlaryny ýerine ýetirýär.

— Ilkinji diňleýjiňiz kim?

— Halk. Täze aýdym dörän dessine internet üsti bilen diňleýjilere hödürleýäris.

— Iň meşhur bäş aýdymyňyz?

— «Daglara», «Ýoldur bu ýol», «Ýaňlan, Diýarym!», «Ýar olmagyl», «Aýläle».

— Rüstem, nähili aýdymlary aýtmagy özüňize ýakyn görýäňiz?

— Estrada sazlary goşup, halk aýdymlaryny döwrebap görnüşde ýerine ýetirmegi. Häzir şu däp bütin dünýäde giňden meşhur.

— Örän tiz meşhurlyk gazanan «Ýoldur bu ýol» aýdymyňyz nähili döredi?

— Ol, aslynda, nusgawy şahyrymyz Zeliliniň sözlerine döredilen halk aýdymy. Ony ilkinji gezek Hommat Jelilow dutarda aýdypdy. Kakam bolsa muny estradalaşdyrdy. 2019-njy ýylda bizem bu aýdymyň sazyny gaýtadan işläp, öň aýdylmaýan bentlerinden hem goşup, şekile geçirdik.

— Diňe şu ýylda näçe aýdym döretdiňiz?

— On bäş sany aýdymdan ybarat bolan albomy diňleýjilerimize hödürledik.

— Haýsy kompozitorlaryň sazlaryna we haýsy şahyryň sözlerine has köp ýüzlenýäňiz?

— Halypa şahyrymyz — Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, ýaş şahyr Kerim Hallyýewiň goşgularyna, kompozitorlar Merdan Bäşimowyň, Atamyrat Bäşimowyň, Saparmyrat Teşnidowyň, Artyk Artykowyň sazlaryna köp ýykgyn edýärin.

— Diňleýjileriňiz siziň kinolardaky keşbiňize hem gowy baha berýärler…

— 2016-njy ýylda Öwez Öwezdurdyýewiň režissýorlyk etmeginde «Ilkinji ädim» çeper filminde baş gahrymanlaryň biriniň keşbini janlandyrmagym kino sungatyndaky ilkinji hemem şowly ädimim boldy. Şondan soň her ýylda Täze ýyl baýramy mynasybetli düşürilýän çeper filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýärin.

— Rüstem, sport bilen araňyz nähili?

— 7-nji synpda türkmen milli göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşypdym. Häzirem boş wagtlarym erkin göreş bilen türgenleşýärin.

— Durmuşdaky şygaryňyz?

— Halka hyzmat — Haka hyzmat.

— Nämeden lezzet alýaňyz?

— Çeken zähmetiň ýerine düşse, eden işiňe görä gadyryň bilinse, şondan gowy lezzet ýok.

— Siziň üçin iň gowy baýramçylyk sowgady näme?

— Goý, ol kiçijek galam bolsun ýa-da şirin söz, tapawudy ýok, esasy, ýürekden çyksyn.

— Okyjylarymyza we diňleýjileriňize Täze ýyl arzuwyňyz?

— Arzuwlarymyň başy — ýurt parahatçylygy. Saglyk bilen gülki, rysgal bilen abraý, agzybirlik hemişe ýaranymyz bolsun! Arkadagly Serdarymyza röwşen geljegi nazarlaýan belent işlerinde geljekki ýyllarda hem rowaçlyk arzuw edýärin! Goý, Täze ýyl hem toýly-baýramly, düşümli ýyl bolsun!

— Arzuwlaryňyz amala aşsyn! Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Çekýän zähmetiňiz durmuşyňyza, sungatyňyza, döredijiligiňize diňe üstünlik we şowlulyk getirsin!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan: Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Turkmenmetbugat»
/ «Nesil».

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok