«Älem içre at gezer» romanyndan ýaş mugallymlara sargytlar

  • Mugallymyň sözlerinde-de, özüni alyp barşynda-da sap ýüreklilik bolmalydyr, galplyga, ýasamalyga orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek galp aýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar.
  • Eşege münüp barýan mugallym okuwçysynyň gözüne geň görner.
  • Çasly gülýän mugallym çagada ýaramaz täsir galdyrar.
  • Gürrüňdeşiniň eline kakýan, egnine elini ýetirýän, sözüni bölýän mugallym okuwçylaryň arasynda uly hormatdan peýdalanyp bilmez.
  • Ýaşy uly mugallymlar bir ýagdaýy ýatdan çykarmasynlar ýaş mugallymyň goýberen kemçiliklerini adamlaryň, onda-da onuň kärdeşleriniň arasynda onuň ýüzüne aýdyjy bolmaň. Mümkin, ol şol bir aýdýan sözlerini, berýän öwüt-ündewlerini köp gezek gaýtalaýanam bolsa, ol muny şol sözleriň ýüreklerde ornamagy üçin edýär.
  • Mugallym — özüne ynanylan gymmatly almazy ähli görki bilen şöhlelendirip biler ýaly täzeden işleýän jadygöýdür. Munuň özi örän zerurlykdyr. Güýç bilen, zor bilen okadyp bolmaz. Ol asla mümkin däldir.
  • Mugallymyň sapak geçende özüni alyp barşy çaga terbiýesine ulý täsir edýär. Her gezek bir meňzeş usuly, ençe gezek gaýtalanýan äheňi seçip alýan mugallym öz geçýän sapagyndan lezzet almaz. Okuwçylaryň kitap okanlaryndaky ýaly, özlerini hereketsiz alyp barman, eýsem olaryň hereketde bolmagyny, okanlarynda daşyndan — sesli okamagy, özlerini edil mekdep otagynda alyp baryşlary ýaly bolmagy olaryň endigine öwürjek bolmaly. Sapaga taýýarlanýan mugallym edil sahna çykjak artist bolmalydyr. Sapagyň özi asyl gyzykly oýun ýaly bolup geçmelidir. Elbetde, munuň özi dil, edebiýat, taryh derslerinde, başlangyç klaslarda şeýle bolup biler. Berilýän bu sapak çaganyň aňynda şekillenip, ömürlik galmalydyr.
  • Mugallym öz sesine aýratyn üns bermelidir. Gaty şaňňy, gyryljak ses çagany basym irizýär. Ýöne ýuwaş ses hem çaganyň gulagyna zor salyp diňlemegine, netijede armagyna getirýär. Degirmeniň sesi ýaly birsydyrgyn sesem çagany ymyzgandyrgyç bolýar. Ses öwrenilýän sapagy kabul etmegiň guraly bolmalydyr. Mugallymyň sapagy ussat bagşynyň aýdan aýdymyna meňzeş  bolmalydyr.
  • Mugallym aýdýan zadyna özi ynanmaly hem-de ynandyrmagy başarmaly. Belli bir mesele barada ders geçende, ol keşbe girmeli, her sözi okuwçynyň maňzyna batmaly, her bir hereketi onuň aňynda galmaly. Okuwçy öýünde sapagyna taýýarlanýan mahalam kitapdan okaýan sözleri onuň gulagyna seniň sesiň bolup eşidilmelidir. Ol saňa ynanmaly, seniň aýdýan sözleriňi doly kabul etmeli, şoňa görä hereket etmeli.
  • Bilimli, köp ugurdan baş çykarýan, oňat terbiýeli mugallym diňe okuwçylar üçin däl, eýsem hemmeler, her bir adam üçin mugallymdyr.
  • Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr. Hakyky mugallym adamkärçiligiň çür başyna çykmalydyr. Sapaga gelen mugallym okuwçylaryň gözüne ýönekeý adam bolup däl-de, hakyky jadygöý bolup görünmelidir.
  • Mugallymyň özi elmydama bilim äleminde uly, beýik zatlar, maksatlar ugrunda göreşmelidir.

Toplan:

Orazjemal Çaryýewa

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok