Nanotehnologiýa we onuň mikroskopik älemi häzirki zaman ylymy we senagat üçin ägirt uly mümkinçilikleri hödürleýär. Rak öýjüklerine garşy göreşýän göze görünmeýän bölejikler, az energiýa sarp edýän has çalt mikroprosessorlar, 10 esse uzyn batareýalar ýa-da iki esse köp energiýa berýän gün panelleri muňa mysal bolup biler. Bular nanotehnologiýanyň köp sanly ulanylyşynyň diňe käbiri, geljekde nanotehnologiýa senagatyň dürli pudaklarynda ulanylmagyna garaşylýar.
Nanotehnologiýa lukmançylykda birnäçe keselleri bejermekde, elektronikada işleýişi gowulandyrmakda, azyk senagatynda käbir ýokançlyklaryň öňüni almakda, himiýa senagatynda maddalary has gowy derňemekde, aragatnaşyk ulgamynda aragatnaşygyň hilini gowulandyrmakda giňden ulanylýar.
Nanotehnologiýanyň ulanylýan ýerleri:
1. Lukmançylykda;
2. Elektronikada;
3. Azyk senagatynda;
4. Ýangyç senagatynda;
5. Gün panellerinde;
6. Awtoulag akkumulýatorlarynda;
7. Himiýa senagatynda;
8. Saglyk we sport pudagynda;
9. Dokma pudagynda;
10. Aragatnaşyk ulgamlarynda.
Bezirgen MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler