Awstraliýada dünýäde iň uzyn kontinental wulkan zynjyry tapyldy

Awstraliýanyň Milli Uniwersitetinden Dr. Rodri Deýwiziň ýolbaşçylygyndaky topar dünýädäki iň uzyn kontinental wulkan zynjyryny tapdy.  Bu zynjyryň Awstraliýanyň üsti bilen Demirgazyk Kwinslenddäki Whitsundays-den Wiktoriýa şäherindäki Melburona çenli 2000 km uzalyp gidýändigi mälim edildi.

 Gözlegçiler, “Cosgrove” liniýasy diýlip atlandyrylýan wulkan zynjyrynyň soňky 33 million ýylda Awstraliýanyň Ýeriň mantiýasyndaky gyzgyn nokadyň üstünden demirgazyga tarap hereket edendigini aýdýarlar.

Wulkan hereketiniň bu görnüşi tektoniki plastinka araçäklerinden uzakda bolany üçin geň galdyryjy ýagdaý bolup durýar.  Wulkanlaryň köpüsi tektoniki plitalaryň biri-birine gabat gelýän ýerinde ýüze çykýar.  Bu gyzgyn nokatlaryň, ýeriň üstünden 3000 km aşakda ýadro-mantiýa araçäginden gyzgyn gaýalaryň üstünden çykýan ýerinde emele gelendigi çaklanylýar. Alymlar Awstraliýa wulkanlaryny emele getiren mantiýanyň henizem Tasmaniýanyň biraz demirgazyk-günbatarynda deňziň düýbünde bolup biljekdigini aýdýarlar.

Bu täze açyşlar alymlara beýleki yklymlarda we Ýeriň taryhynda wulkanizme düşünmäge kömek eder diýlip çaklanylýar.

Sapargül HUDAÝBERDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok