Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz 1991-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň esasynda, 185 wekilçilik edýän döwletleriniň goldamagy esasynda ata watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini aldy.
Türkmenistan Garaşsyz we baky Bitarap döwlet bolandan bäri, Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly işler amala aşyrylýar.
Bu günki gün Ata Watanymyz Türkmenistan birnäçe halkara guramalaryň agzasy bolmagy hem Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatda alyp barýan ägirt uly işleriniň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Bitaraplyk hukugyna eýe bolan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dünýäniň ençeme abraýly guramalarynyň agzasy bolup, dünýäniň 140-dan gowrak ýurtlary bilen diplomatik aragatnaşygy saklaýar. Türkmenistan Birleşen milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly ençeme abraýly guramalaryň agzasy bolup durýar. Bu bolsa Türkmen halkynyň Parahatçylyga, Dost-doganlyga we ynsanperwer gatnaşyga uly sarpa goýýanlygyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Goý, Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadygymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç alsyn.
Kerwen DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler