DNK maglumatlary saklamak tehnologiýasyny 100 esse gowulandyrjak täze çip öndürildi

Alymlar maglumatlary DNK molekulasy hökmünde saklamak boýunça gözleglerde möhüm öňegidişlik gazandylar. ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki Jorjiýa Tehniki Gözleg Institutynyň gözlegçileri DNK saklaýyş ulgamlaryny 100 esse gowulandyryp bilýän çip öndürdiler.

Jorjiýa Tehniki Gözleg Institutynyň gözlegçileri “Täze öndüren çibimiziň aýratynlyklary häzirki bazardaky enjamlardan takmynan 100 esse ýokary” -diýip bellediler.

Häzirki DNK sanly saklaýyş ulgamlarynyň rekord ululygy 200 megabaýt bolup, maglumatlary bir sintezde işlemek üçin takmynan 24 sagat gerek.  Şeýle-de bolsa, täze işlenip düzüljek ulgamyň bir wagtyň özünde 100 esse köp DNK maglumatlary gaýtadan işläp biljekdigi aýdyldy.

 DNK maglumatlary saklaýyş ulgamy her gezek adenin, timin, guan we sitosini bloklaýan DNK zynjyryny döretmek arkaly işleýär. Şeýle hem, DNK maglumatlary saklaýyş ulgamlaryndaky maglumatlar dogry temperatura şertlerinde saklansa, 100 müň ýyllap saklanyp biljekdigi mälim edildi.

Gurbanaly GOÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok