Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasy (COP26) üçin dünýä liderleri Glazgoda ýygnananlarynda azyk tehnologlary global ýylylyga garşy alternatiw iýmitleriň bu ugurda uly netije berjekdigine ynanýarlar.
Köp ýurtda gözlegçiler etiň ýerini tutup biljek başga önümleri gözleýärler, sebäbi semremek parnik gazlarynyň köpelmegine we global ýylylygyň döremegine sebäp bolýar. Süýt üçin alternatiw ösümlik önümleriniň bazary kem-kemden ösýär. Angliýada ilatyň üçden biriniň ösümlik süýdüni yzygiderli iýýändigi aýdylýar.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň dekabrynda Singapur doly laboratoriýada öndürilen belogyň satuwyny tassyklan ilkinji ýurt boldy.
Alymlar laboratoriýada haýwanyň myşsa öýjükleriniň nusgasyny köpeltmek we adaty etde bar bolan ýokumly maddalary goşmak bilen myşsa dokumalaryny öndürdiler.
Baş ofisi San-Fransiskoda ýerleşýän “Eat Just” telekeçilik kompaniýasy Singapurda satylýan laboratoriýada öndürilen towuk etiniň satuwyny ýola goýdy. Singapur azyk importyna goňşy ýurtlara garaşlylygyny azaltmak maksady bilen şeýle uzak möhletleýin strategiýany ýerine ýetirýär.
Sähet BABAJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler