Gazly uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny ýangyja öwürmek mümkin bolar

Adamlar her ýyl atmosfera 30 milliard tonna kömürturşy gazyny goýberýärler. Bu bolsa howanyň üýtgemegine we global ýylylygyň artmagyna sebäp bolýar.

 Toronto uniwersitetiniň gözlegçileri bu uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny ýokary energiýa ýangyjyna öwürmegiň usulyny tapandyklaryny öňe sürýärler. Teklip edilýän usul uglerodyň bitarap siklinde aşa tebigy we zyýansyz serişdäni ulanýar. Ol boksa kremniý bolup durýar. Kremniý toprakda köp mukdarda bar we älemde iň köp ýaýran ýedinji element we ýer gabygynda iň köp ýaýran ikinji elementdir.

Kömürturşy gazynyň zyňyndylaryndan energiýa öndürmek pikiri täze däl. Mundan öň gün şöhlesinden, kömürturşy gazyndan we suwdan ýa-da wodoroddan ýangyç almaga mümkinçilik berýän material ýa-da usul oýlap tapmak üçin dünýäniň ýüzünde onlarça ýyl bäri gözlegler dowam edýär. Şeýle-de bolsa, kömürturşy gazynyň himiki taýdan durnukly tebigaty bu meselede amaly çözgüt tapmagy kynlaşdyrýar.

Bu ugurdaky işleriň we başarnyklaryň potensial netijesi, zyýanly zyňyndylary döretmezden alnan energiýa bolup durýar. Gözlegçiler indi bu ugurda ýüze çykarylan täze usulyň işjeňligini, kuwwatyny, göwrümini we önümçilik derejesini ýokarlandyrmagyň ýollaryny gözleýärler.

Baýramhan NURLYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok