Duzy deňiz suwundan aýyrmagyň täze usuly ýüze çykaryldy

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze energiýa tygşytlaýyş usulynyň kömegi bilen deňiz suwuny süýjediji we agyz suwuna, esasanam agyz suwunyň barmasy kyn bolan ýerleri aňsatlyk bilen suw bilen üpjün edip biler.

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze materialyň kömegi bilen köp mukdarda suwuň kiçijik nano deşiklerden geçmegine ýol bermek bilen duzy we beýleki hapalaýjylary arassalamak mümkin boldy. Alymlaryň deňiz suwuny arassalamak üçin ulanýan materiallary, nanometr galyňlykdaky molibden disulfat (Mos2) kagyzydyr.

Illinoýs uniwersitetiniň mehanika we inženerçilik ugry boýunça professory, ýazyjy Naraýana Aluruň pikiriçe: “Ýer ýüzünde suwumyz ýeterlik, ýöne onuň az mukdaryny içip bolýar. Deňiz suwlaryny içmek üçin arzan we täsirli usul tapyp bilsek, suw krizisini çözmek üçin çynlakaý ädim äderdik. Biz munyň hötdesinden geldik” – diýip belläp geçdi.

Deňiz suwlaryny süýjediji täze zat bolmasa-da, täze işlenip taýýarlanan materiallar bilen bu prosesi has netijeli we has arzan ýerine ýetirmek geljekde doly mümkin bolar. Professor Aluruň pikiriçe, “Deňiz suwuny süýjetmekde ulanyljak täsirli materiallary tapmak geçmişden bäri uly mesele bolupdy we bu netijelilige ýetmek diňe täze nesil materiallary bilen mümkindir.”

Tawus MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok