Elbetde daşary ýurt dillerini öwrenmek ýeňil iş däl. Daşary ýurt dillerini öwrenmek birnäçe aladany we ýadawsyzlygy talap edýär. Biz bu makalada daşary ýurt dilini öwrenmegiň asla kyn däldigini açyp görkezmegi maksat edindik. Esasy zat, bu usullardan peýdalanmak we dil öwrenmäge ünsi jemlemekdir. Islendik dili, esasanam iňlis dilini, bu usullaryň kömegi bilen aňsatlyk bilen öwrenip biljekdigiňiz ikuçsuzdyr. Esasy zat sabyr we erjellik gerek. Geliň, bu usullar bilen tanyşalyň!
- Haýsy dili öwrenmekçi bolýan bolsaňyz, şol ýurtda okaň!
– Haýsy dili öwrenmek isleýän bolsaňyz, şol dil bilen gürleýän ýurtda bilim almagyň dili tiz we oňat öwrenmegiňize itergi berer. Bu usul daşary ýurt dilini öwrenmegiň iň aňsat we iň täsirli usullarynyň biridir. - Daşary ýurt teleseriallaryna we aşagy ýazgyly filmlerine tomaşa ediň!
– Daşary ýurt dilini öwrenmegiň ýene bir üýtgeşik ýoly daşary ýurt teleseriallaryna we aşagy ýazgyly filmlerine tomaşa etmek dili has çalt öwrenmäge kömek eder. Bir dili sada diýip pikir etmek ýalňyş bolar. Şol medeniýete ýakynlaşmagyň iň aňsat we iň çalt usuly daşary ýurt dilleri we filmlerdir. - Halaýan aýdymlaryňyzy terjime ediň!
– Dil öwrenmegiň iň gyzykly usuly, halaýan aýdymlaryňyzy terjime etmek täze dili öwrenmegiň iň aňsat usullaryndan biridir. Aýdymlary terjime etmek birnäçe wagty we ýadawsyz işi talap edýär. Şol sebäpli terjime eden aýdymlaryňyz aňsat-aňsat ýadyňyzdan çykmaz! - Aňsat kitaplary okamaga çalyşyň!
– Kitap okamak esasan hem öwrenmekçi bolýan daşary ýurt diliňize degişli aňsat kitaplary okamak size dili medeni taýdan gowy öwrenmegiňize mümkinçilik berer. Siz kitap okaýan wagtyňyz düşünmeýän bolsaňyz onda ýörite terjime programmalaryndan peýdalanyp bilersiňiz. - Internet bilen ýygjam aragatnaşyk saklaň!
– Ilki bilen ulanýan telefonyňyz öwrenmekçi bolýan diliňize geçiriň. Bu size dili tiz öwrenmekde goldaw berer. Soňra telefon arkaly internetden gyzykly we özüne çekiji ýazgyly suratlary, makalalary, multifilmleri görüp, okap olara düşünmäge çalyşyň!
Şahlo ANNABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler