Türkmen milli senenamasynda uly çille döwri başlanýar

Türkmen milli senenamasy boýunça dekabr aýynyň 7-sinde gara gyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille kyrk gün dowam edip we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Bu döwürde, ýagny 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwar aralygynda aýazly, sowuk günler juda köp bolýar. Ýagyş we gar yzygiderli ýagýar.

Ata-babalarymyzyň «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýişleri ýaly, bu döwürde maldarlar ätiýajy elden bermeli däl. Her pursat diýen ýaly şatlama aýaza we gardyr-ýagyşa taýynlykly bolmaly.  Maldarlaryň arasynda «Dokuzyň üçe ýetermi?» diýen bir söz bar. Bu sözüň şeýle düşündirilişi bar ýagny, dokuz aýlap ýygnan ot-çöpüň üç aý gyşa ýetse, onda seniň ýagdaýyň gowulygy hasaplanypdyr. Şeýle çopanlar bakýan mallaryny gyşdan dok we tükel alyp çykýarlar.

Maldarlar we çopanlar uly çille döwründe ätiýajy elden berenoklar. Sebäbi uly çille gutarandan soň gelýän kiçi çilläni-de ata-babalarymyz gazaply hasaplapdyrlar. Uly çille bilen baglanyşykly halkymyzyň arasynda birnäçe edim-gylymlar, däp-dessurlardyr ynançlar hem döräpdir. «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamazmyş», «Uly çillede gan hem bolsaň diňme, kiçi çillede balam bolsaň damma!» diýen aýtgylar özünde iňňän giň manylary jemleýär. «Ýalaňaja — ýaz ýagşy» diýlişi ýaly, howanyň gyşda maýyl bolmagy hernäçe gowy görünse-de, ata-babalarymyz «Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýaz bolmaz» diýmek bilen, gyşyň aýazly, sowuk günleriniň peýdasynyň bardygyny-da ünsden düşürmändirler. Munuň sebäbi hem uly çille bilen baglanyşykly birnäçe Aýazly günlerde zyýanly mör-möjekleriň gyrylýandygy hemmä belli hakykat. Hut şonuň üçin-de halkymyz «Ak iner çökmese, gara ýer gaýmaz» diýmek bilen, ýagyşdyr garyň topraga näderejede zerurdygyny hem ýatladypdyrlar.

 Jahan GARRYGULOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok