Alymlar Aýda ekerançylygy ýola goýmagyň usulyny oýlap tapdylar

NASA” ýakyn ýyllarda kosmonawtlary Aýa, soňra bolsa Marsa ibermek isleýär.“NASA”-nyň Artemis diýip atlandyran bu taslamasyna “SpaceX”, Ýewropa kosmos gullugy we Ýapon kosmos gullugy ýaly guramalar gatnaşar.

Ýakynda geçirilen täze ylmy gözlegler, Aýda doňdurylan kömürturşy gazynyň köpdügini ýüze çykardy. Gözlegçiler geljekde Aýda ekerançylygyň bu kömürturşy gazynyň üsti bilen ýüze çykjakdygyny aýdýarlar.

Alymlar Gün ulgamyndaky köp jisimiň, şol sanda Aýyň atmosferasynyň ýokdugyny we gün şöhlesiniň ýeterlik däldigini nygtaýarlar. Hünärmenler kömürturşy we şuňa meňzeş gazlaryň gaty ýerlerde toplanyp we doňup biljekdigini aňladýar. Muny tassyklamak üçin ABŞ-nyň Arizona uniwersitetiniň alymlary “NASA”-nyň Aýda aýlanýan kosmos gämisiniň iberen maglumatlaryny analiz etdiler.

“NASA”-nyň “Artemis” taslamasynyň çäginde etmek isleýän ilkinji işi Aýyň günorta polýusyna gonmak bolar. “NASA” – “Artemis”-i uzak möhletde Aýda hemişelik gurluşlaryň düýbüni tutmak, mesgen tutmak we ahyrsoňy adamlary Marsa ibermek ýaly ädimler üçin ulanar.

Maýa BAÝRAMOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok