Adamzadyň iň gadymy ata-babalaryna degişli aýak yzlary tapyldy

Alymlar Tanzaniýanyň Aruşa sebitindäki Laetoliniň taryhy ýerinde adamzadyň näbelli taryhy barada möhüm açyş etdiler. Gözlegçiler ilkinji gezek 1976-njy ýylda tapylan, ýöne aýa degişlidir öýdülýän aýak yzlarynyň, diagonally görnüşde gezip ýören näbelli bir gadymy adama degişlidigini ýüze çykardylar. Aýak yzlary adamzadyň iň gadymy ata-babalarynyň biri bolan “Lucy” görnüşi bilen deňeşdirildi.

Tapylan aýak yzlaryny alymlar subutnamalardan netije çykaryp olaryň 3,7 million ýyllyk taryhynyň bardygyny öňe sürýärler. Alymlar bu aýak yzlarynyň adamzadyň iň gadymy ata-babalary bolan “australopithecus afarensis”-e degişlidir diýip çaklaýarlar.

1976-njy ýylda geçirilen gözlegleriň netijesinde tapylan aýak yzlary adamyňka meňzeş däldigi sebäpli alymlar gutarnykly netijä gelip bilmediler.

“Nature” žurnalynda çap edilen gözleg bolsa, geçirilen barlaglaryň hakykatdan hem aýak yzlarynyň adamzadyň iň gadymy ata-babalaryna degişlidigini ýüze çykardy.

Şöhrat BERDIÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok