Ýüzýän şäher

Koreýanyň  Busan şäherinde 2025-nji ýyla çenli daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamazdan ýaşap boljak özboluşly ýüzýän şäheriň prototipi gurlar.

 Günorta Koreýanyň Busan şäheriniň häkimiýetleri “Oceanix” we “BMG-Habitat” (Birleşen Milletler Guramasynyň Adam ýerleşiş maksatnamasy) bilen deňiz düýbüne birikdirilen birnäçe adadan ybarat ýüzýän şäher gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama 200 milliard amerikan dollaryna barabar  diýlip çaklanylýar we durmuşa geçirilmegi BMG tarapyndan goldanylar.  Bu taslamanyň döredilmegi howanyň tiz üýtgemeginiň netijesinde we ilkinji nobatda deňiz derejesiniň ýokarlanmagy bilen göreşmäge gönükdirilendigi bellendi.

 “Ýüzýän şäher” taslamasynyň ösüşi iki ýyldan gowrak wagt aldy: bu taslama  75 gektar meýdanda takmynan 10 müň adam ýaşar.  “Oceanix” şäheriň ýaşaýjylarynyň haýsy esasda saýlanjakdygyny entek mälim etmedi.  Mundan başga-da, ýaşaýjylaryň ,  ýaşaýyş jaýy üçin tölenýän möçberi ýa-da kärendäniň bahasynyň näçeräk bolup biljekdigi entek belli däl.

 Şäheriň infrastrukturasy ony suw joşmasyndan goramaga kömek eder, sebäbi emeli adalar deňiz derejesi bilen ýokarlanar.  Mundan başga-da, sunamilere we tupanlara garşy durup bilerler.

 Şeýlede hem ýüzýän desgalar kenarýaka şäherlerine howanyň üýtgemegi sebäpli deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär diýip, RBC.ru habar portaly habar berýär.

.

Kümuş ALLABAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok