Täsin ösümlikler dünýäsi

Diýarymyzyň ähli künjeklerini bezeýän gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlaýan, gözel tebigatymyzy ösümliklersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistan mineral serişdelerine, bejeriş çeşmelerine, dürli dermanlyk otlara baý. Hut, şonuň ýaly-da, dünýäniň başga künjekleriniň tebigatlarynda tanalýan we tanalmaýan ösümlikler näçe diýseň bar. Derde derman, gyzyl-ýaşyl öwüsýän gülleriniň, ösümlikleriň watany bolan Hindistanyň tebigatyny hem reňksiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Barhatsy- hindi döwletinde örän ýörgünli we gündelik durmuşda ulanylýan gülleriň biri. Hindi gelin-gyzlary, bu ajaýyp reňkli gül bilen saçlaryny bezeýärler. Olar güli güne serip guradyp, soňra bolsa kül ýaly owradyp, toý-baýramçylyklarynda ýeriň ýüzünde surat çekýärler. Mahmal ýaly ýakymly bu güli, hindi toýlarynda ýaş çatynjalar biri-biriniň boýnundan asyp däp-dessur berjaý edýärler. Mundan başga-da, barhatsy gülünden, endamyňda galan sypjyryklary hem bejerýän ýag ýasaýarlar.

Lotos- hindileriň milli güli. Oňa Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şrilankada we hindilerde suwuň mukaddes güli diýilýär. Lotos suwda awgust we iýul aýynyň ortalarynda gülläp ösüp başlaýar. Ol güli suwuň ýüzüni, bag-bakjalary şeýle-de howuzlary bezemek üçin ulanylýar. Hindi lukmanlary lotosdan, ýüzüň ýygyrdy üçin örän täsirli ýag alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Punarnawa- hindi ýaşaýjylary bu ösümligi gündelik ýagdaýda ulanýan bolsalar, diýmek onuň peýdasy uly bolsa gerek. Ýabany tebigatda ösýän bu ösümligi lukmançylykda, örän ähmiýetli dermanlyk ösümlik hasaplaýarlar. Howanyň ýagyşly çagy onuň boýy 2 metre, ini bolsa 8 santimetre ýetýär. Punarnawa güli bedendäki hapalary ýuwýar. Hindi lukmanlary bu gülüň adam bedenini ýaşartmakdaky ýaramlylygynyň uludygyny aýdýarlar. Şeýle-de berhiz saklaýan adamlar üçin örän täsirlidir.

Nim- bu täsin bagyň leýlisaçy ýatladýan boýy bardyr. Bu bagyň miwesinden ýasalýan dermanlar iň gymmatly dermen hasaplanyp, bagyr agyrysyndan bejergi alýan adamlara kömegi uludyr. Gadym döwürlerde ganyň aýlanyşygyna peýdalydygy üçin hindi milleti onuň ýapragyny çeýneýän eken, gözellik üçin bolsa ýüzlerine we tenlerine çalýan ekenler. Häli-häzirler hem, nim miwesinden ýasalýan dermanlar we ondan alynýan ýaglar, gözellik we beden üçin iň täsirli dermandyr.

Tebigat- bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir. Ony gülzarlyga öwürmeklik bolsa, biziň öz elimizde.

.

Maksat AKYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebinin mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok