Guradylan garalynyň peýdasy

Azyklyk hem-de beýleki ýaramly taraplary bilen tanalýan garaly miwesi dünýäniň dürli künjeklerinde duş gelýän iň bir meşhur miweleriň biridir. Özboluşly tagamy bolan bu miwe köpleriň halaýan miwesidir. Garaly ynsan saglygy üçin peýdaly hem-de ýokumly miweleriň biri bolmak bilen, onuň kakadylan görnüşi-de iňňän ähmiýetli hem-de melhemlik häsiýetlidir.

  • Eýsem-de, kakadylan garalynyň ähmiýetli tarapy nämedekä?!

Ol madda çalşygyny kadalaşdyryjy ähmiýete eýe. Guradylan garalynyň düzüminde dürli minerallar, A, B1, B2, B5, B9, C, E, K ýaly peýdaly witaminler, demir, kalsiý, kaliý, magniý, natriý, fosfor, sink elementleri ýaly ýaşaýyş üçin möhüm bolan birleşmeler saklanýar. Ony witamin ýetmezçiligi, gipertoniýa, böwrek keselleri, ýürek-damar ulgamynyň keselleri bolan adamlara ulanmaklyk has-da netijeli bolup durýar, ýöne artykmaç agramly we süýjüli diabet keselinden ejir çekýänlere ulanmaklyk maslahat berilmeýär. Mundan başga-da kakadylan garaly bakteriosid häsiýetlidir. Garaly guradylanda ony talabalaýyk derejede guratmak zerur bolup durýar, çünki kadaly ýagdaýda guradylmasa miweleriň düzüminde howply kanserogenler ýygnanýar. Şular bilen bir hatarda kakadylan garaly saçaklarymyzyň hem bezegidir.

  • Garaly tohumlary möhüm birleşmeleriň uly goruna eýe.

Garalynyň ter we kakadylan görnüşi bilen birlikde onuň tohumlary-da peýdaly häsiýete eýe. Gündogar ýurtlarynyň halk lukmançylygynda garaly tohumlary dermanlyk serişdelerini taýýarlamakda giňden ulanylýar. Tohumlar bronhit bejergisinde, dowamly üsgülewükde, iýmit-siňdiriş ýollarynyň näsazlyklarynda peýdalanylýar. Dermanlyk maksady üçin şänigiň içindäki maňzy ulanylýar. Şänikli miweleriň köpüsinde bolşy ýaly, garaly şäniginde hem amigdalin maddasy saklanýar. Bu madda madda bedende iýmit-siňdiriş ulgamynyň işine täsir edýär. Şeýle-de onuň antioksidant häsiýeti hem bar. Umuman aýdylanda, garalynyň kakadylan miwesini we tohumyny ýerlikli ulanmak arkaly beden saglygyny berkitmek, içki boşşlugy arassalamak, beden immunitetini ýokarlandyrmak mümkin.

Abdyjepbar ABDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok