Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, 1964-nji ýylda döredilen, 1979-njy ýylda işini tamamlan Ösüş üçin Sebitleýin Hyzmatdaşlyk guramasynyň mirasdüşer guramasydyr. 1985-nji ýylda agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Eýran, Päkistan we Türkiýe tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy döredildi.1992-nji ýylyň güýzünde EKO ýedi täze agzany öz içine aldy: Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Häzirki güýjüniň giňelýän senesi, 28-nji noýabr, “EKO güni” diýilýär. Häzirki wagtda 10 döwlet bu guramanyň agzasy bolup durýar. Iň esasy zat, agza ýurtlarda guramanyň ilkinji nobatda ösdürmek, sebitdäki bar bolan çeşmelerden doly peýdalanmak we agza ýurtlar üçin durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. EKO häzirki döwürde hem beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, sebitiň çäklerinden işjeňlik bilen çykýar.
EKO- nyň esasy wezipeleri sebitiň ykdysady taýdan okgunly ösmegi, goşulyşmak işleriniň höweslendirilmegi, häzirki zaman ulgamynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Türkmenistan hem 1992-nji ýyldan bäri YHG – nyň agzasy bolup durýar. Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti geçiriler. Ýagny 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda EKO agza döwletleriniň Baştutanlarynyň mejlisi Aşgabatda şäherinde geçiriler.
.
Batir SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler