Bütindünýä tebigaty goramak bileleşigi (IUCN) dünýäniň iň ýyndam jandarlary bolan geçigaplaňlar barada täze hasabat çap etdi. Hasabatda ýüz ýyl içinde geçigaplaňlaryň sanynyň 100 müňden 7000-e çenli azalandygyny aýdylýar. Bu jandarlaryň 93 göterimine bolsa häzirki wagtda ýitip ýok bolmak howpy abanýar.
Geçigaplaňlary goramak maksady bilen 1975-nji ýylda ýörite halkara hukugy çap edildi. Şol hukukda olaryň azalmagynyň öňüni alyp, ýitmegine çäre görmek barada birnäçe meýilnamalar çap edilen.
Soňky ýyllarda geçigaplaňlary köpeltmek maksady bilen ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň Smitsonian tebigaty goraýyş biologiýa institutynda bu jandarlary köpeltmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Emma gynansak-da bu jandarlar ýitme howpy bilen ýüzbe-ýüz.
Bütindünýä Tebigaty Goramak Bileleşiginiň (IUCN) gyzyl sanawynda “ejiz” diýlip görkezilen geçigaplaňlaryň diňe 9 göteriminiň tebigy ýaşaýyş ýerlerinde ýaşaýandygy şeýle-de häzirki wagtda ýaşaýan takmynan 6800 geçigaplaňyň aglaba böleginiň beýleki käbir ýyrtyjylar, awçylar tarapyndan awlanylýandygy aýdylýar.
Ruslan RUSTAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler