Ýerli telekeçileriň arasynda guşçulyga gyzyklanma ýokarlanýar

Ýurdumyzda soňky ýyllarda ýerli telekeçileriniň arasynda telekeçiligiň girdejili pudagy hökmünde guşçulyk bilen gyzyklanma ýokarlanýar. Esasan hem hem ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bu pudak bilen gyzyklanýan telekeçiler köpelýär. Häzirki wagtda sebitde guş etini we ýumurtga öndürýän birnäçe hususy hojalyklar işläp, nobatdaky tapgyrlarda gurulýar.

Esasan hem Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky «Pagtaçy» daýhan birleşiginde döwlet tarapyndan hususy eýeçilige berlen 4,8 gektar ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň düzümine girýän «Köp pudakly» hususy kärhanasynyň guşçulyk hojalygy döredildi. Bu hususy guşçulyk hojalyk ýylda 30 tonna çenli guş etini öndürip, sarp edijilere hödürlemäge ukyplydyr. Häzirki wagtda welaýatyň S.A. Nyýazow etrabynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan «Arassa başlangyç» we «Esasy gurluşyk» hususy kärhanalary tarapyndan öndürijilik kuwwaty dürli-dürli bolan ýene iki sany döwrebap hususy guşçulyk binalary gurulýar.

Ýurdumyzda guşçulyk pudagynyň güýçli depginde ösmegi telekeçilerden ygtybarly iým binýadyny döretmegi talap edýär. Guşlary ýeterlik iýmitlendirmek ýokumlylygy taýdan ýokary hilli iým talap edýär. Daşoguz welaýatynda bolsa guşlar üçin iýmit bolup hyzmat edýän iým görnüşleriniň birnäçe görnüşinden her ýyl bol hasyl alynýar.

Wiktoriýa ŞEREWKULOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok