Amerikada ýerleşýän ägirt uly tehnologiýa kompaniýasy “Apple”-iň “Apple-1” atly ilkinji kompýuteri 45 ýyl ozal oýlanyp tapyldy. Çäkli önümçiligi 200 sany bolan dünýäde satuwa çykarylan “Apple-1”-iň esasy nusgasy şu hepde auksiona çykarylar. Köp elektronika kolleksiýa söýüjileriň arzuwy bolup biljek “Apple-1” kompýuter modeli 600 000 dollara satuwa çykarylar.
“Apple”-iň ilkinji önümi “Apple-1” 45 ýyl ozal Stiw Wozniak, Patrisiýa Jobs, Daniel Kottke we Stiw Jobs bilen bilelikde Stiw Jobsuň öýünde synag edildi we dizaýn edildi. Häzirki wagtda şuňa meňzeş kompýuter Kaliforniýadaky Kompýuter taryhy muzeýinde saklanylýar. Tehnologiýa ýygnaýjylar bu modeli “mukaddes” hasaplaýarlar.
Çäkli sany bolan “Apple-1” enjamynyň nusgasy şu hepde Günorta Kaliforniýada ýerleşýän auksion öýünde satuwa çykarylar. Auksion 200,000 dollardan başlar.
Allaberdi ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler