Aýdym-saz diňläp has rahat uklap bolýar diýen pikirde bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz. “Psychological Science” žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesine görä, uklap ýatylan wagty diňlenilýän aýdymlar beýniniň içindäki pikirleri “bulaşdyrýar” we ukynyň hili çynlakaý peseldýär.
Adam beýnisiniň dynç alýan ýekeje pursady-da ýok. Häzirki zaman durmuşynyň streslerine garşy durmak we ýadaw aňymyza şeýle-de bedenimize dynç bermek üçin uklamaly bolýarys. Uklamak üçin bolsa aýdym diňleýäris. Bu düýbünden nädogry bolup durýar.
Bu ugrudaky täze gözlegler ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Baýlor uniwersitetiniň uky laboratoriýasynda geçirildi. Gözlege meýletin adamlaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Synagdan öň gözlege gatnaşyjylar ýörite anketany doldurdylar. Gözlegiň netijesinde, uklap ýatylan wagty diňlenilýän aýdymlaryň beýniniň içindäki pikirleri “bulaşdyryp”, ukynyň hilini çynlakaý peseldýänligi ýüze çykaryldy.
.
Amandursyn DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler