“Ýürek telwasy” atly täze aýdym-sazly komediýa sahnalaşdyrylar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýakyn wagtda  “Ýürek telwasy” atly täze aýdym-sazly komediýasy sahnalaşdyrylar. Bu sahna oýnunyň edebi esasyny Batyr Batyrow ýazdy. Onda köpçülikleýin sahnada teatryň artistleri, şeýle hem balet tans toparynyň tansçylary çykyş eder.

Drama eserinde häzirki döwrüň wakalary, zähmetkeş ýigidiň we döredijilige imrinen gyzyň ykbaly suratlandyrylýar. Sahna oýnunyň sýužetine laýyklykda, Bägül atly gyz täsirli nakgaş eserini döretmegi maksat edinip, oba gelýär. Ol ýerde bolsa onuň eserlerini Daýanç diýen bir oglan görüp, olarda nazary eglenýär, onuň göwnüne Bägüliň özi hem örän ýaraýar.

Režissýor Döwran Saryýewiň, kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň, hudožnik Perman Döwletowyň, geňeşçi halypa — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň we beýlekileriň tagallalary bilen, artistleriň durmuşy janly suratlandyrmak tejribesi esasynda goýlan sahna oýny teatr möwsüminde ilkinjileriň hatarynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Belläp geçsek, “Ýürek telwasy” atly aýdym-sazly komediýa sahna oýnunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç” atly aýdymy hem beýanyny tapdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok