Altyn – kümüş elinde, aýdym – sazy dilinde

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty diňe hünär bolmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş zerurlygydyr. Onuň öz pelsepesi we dünýä garaýşy çeperçilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri bardyr. Aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş zenan zergärlerimiziň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Aýjemal Çaryýewa bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen “Altyn – kümüş elinde, aýdym – sazy dilinde”  atlydöredijilik duşuşygy geçirildi.

Ussat senetçimiz Aýjemal Çaryýewanyň sünnäläp ýasan ajaýyp şaý-sepleri şu günki günde konserwatoriýamyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky muzeýimizi bezedi. Bu aýdym-sazly dabaramyzyň dowamynda Aýjemal Çaryýewanyň öz talyplary bilen geçiren ussatlyk sapagy, ýaş nakgaşçylaryň şol pursatda talyp deň-duşlarymyzy şekillendirmegi, ussat zergärimiziň talyplar üçin surat arkaly taýýarlan gyzykly soraglary diýseň täsirli boldy. Işjeň gatnaşan talyp deň-duşlarymyza konserwatoriýamyzyň ýaşlar guramasy tarapyndan sowagatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylary hem öz gezeginde şekillendiren  ýadygärlik sowgatlaryny berdiler.

Döredijilikli duşuşygymyzyň soňunda Keýik Artykowa ajaýyp goşgy setirleri bilen öz ýürek buýsanjyny beýan edip, Aýjemal Çaryýewanyň mundanam beýläk işinde üstünlik arzuw etdiler.

.

Güljemal DURDYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok