Ýurdumyzda sarymsak ekinine ideg işleri dowam edýär

Hemmämize mälim bolşy ýaly türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu topraklarda bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem sarymsakdyr. Sarymsak halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Bu ösümlik barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki kitabynda hem bellenilip geçilipdir.

Sarymsak käbir taryhy maglumatlara görä, mundan 4 müň ýyl ozal Merkezi Aziýada, Eyranda we Pakistanda ekilipdir we şol döwür hem bu ösümlik halk lukmançylygynda giňden peýdalanylypdyr.

Şu ýyl sarymsagyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda 400 gektary ekildi. Bu ekiniň ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirildi. Sarymsagyň ekişi sentýabr aýynyň 29-da tamamlandy. Häzirki wagtda gögeriş gazanylyp, kadaly boý alýan bu örän ähmiýetli ekine ideg işleri dowam etdirilýär. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler geljek ýylda sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär.

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok