Ösümlikler barada gyzykly maglumatlar

Ösümlikler ýer ýüzünde iň ýaýran ýaşaýyş görnüşlerinden biridir. Ösümlikler esasan iýmit, bezeg, derman hökmünde giňden ulanylýar.

Geliň ösümlikler barada käbir gyzykly maglumatlary öwreneliň:

  • Bambuk agajy günde 91 sm ösüp bilýär.
  • Dünýädäki iň beýik günebakar 7,76 metr, iň uzyn reýhan 3,34 metr ösüpdir.
  • “Cannabis” diýilýän ösümlik dünýäde ekin diýlip ösdürilip ýetişdirilen ilkinji ösümlikdir.
  • Dünýädäki iň kiçi gül 01.-0,2 mm bolan wolfiýa ösümligidir.
  • Alymlar tarapyndan tapylan iň gadymy gül 125 million ýyllyk galyndydyr.
  • Dünýäde ösdürilip ýetişdirilen ösümlikleriň 80 müň sanysyny iýip bolýar.
  • XVII asyrdan ozal ähli käşir gyrmyzy reňkdedi.
  • Dünýädäki iň uly hyýar, Angliýadan tapyldy ol 1,1 metr.
  • Üzüm miladydan öňki 6000-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär.
  • Banan miwe däl-de ösümlikdir.
  • Gülleýän ösümlikler 130 million ýyl ozal peýda bolupdyr.
  • Angliýanyň Northumberland şäherinde diňe zäherli ösümlikler bolan seýilgäh bar.
  • Ösümlikleriň 68% -i ýok bolmak howpunda.
  • Dünýäde 298 müň dürli ösümlik görnüşiniň bardygy çak edilýär.
  • Ösümlikleriň 70 müň töweregi lukmançylykda ulanylýar.

Aýgül ABAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň 
Ýewropa dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Nurana

Çynmy şular

Dusya

Salam