Her ýylyň 24-nji oktýabrynda bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň güni (BMG güni) 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG Baş Assambleýasynyň (No. 168) karary bilen yglan edildi we 1945-nji ýylda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmegi bilen bellenilip başlandy.
1971-nji ýylda Baş Assambleýa, Birleşen Milletler Guramasynyň gününiň halkara baýramçylygy bolmalydygyny nygtaýan (№ 2782) karary bilen agza döwletlere ony umumy baýramçylyk hökmünde bellemegi maslahat berdi. BMG halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döredilen halkara guramadyr. BMG-nyň ilkinji resminamalarynyň biri 1948-nji ýylyň dekabrynda Adam Hukuklarynyň alhliumumy Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.
Häzirki wagtda BMG 193 döwleti öz içine alýar, olaryň her biri BMG Baş Assambleýasynyň agzasy. BMG-nyň esasy organlary: Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC), Howpsuzlyk Geňeşi, Halkara Kazyýet we BMG sekretariaty. Şeýle hem, BMG-nyň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralary bar – ykdysady, sosial we gumanitar meseleler boýunça halkara hökümetara guramalar (ESUNESKO, BSGG, FAO, HPG, HZG, UNIDO we başgalar). BMG we onuň guramalarynyň resmi dilleri arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan dilleridir. BMG-nyň ştab-kwartirasy Nýu-Ýorkda (ABŞ) ýerleşýär.
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, ýüze çykýan meseleleri we jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolup, halkara arenasynda gatnaşyklaryň berk pugtalanmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Ýurdumyz 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan dünýäde ilkinji baky Bitarap döwlet boldy.
BMG güni mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýerleşýän Guramanyň Baş Assambleýasynda adatça konsert geçirilýär. Skripkaçylar Anjela we Jennifer Çun, soprano Ýangok Şin, BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisler zalynda çykyş ederler. Bu çärede tanymal soprano Ýonmi Kimiň, Goýanyň simfoniki orkestriniň, pianinoçy Ýungwuk Ýunuň çykyş eden wideo ýazgylary görkeziler.
.
Begli TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler