Ýurdumyzyň Mary we Balkan welaýatlarynda şugundyr ýygymyna girişildi

Mary welaýatynyň şu ýyl 10 etrabyna 14 müň 900 gektar ýere şugundyr ekildi. Ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy. Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Şeýle ekini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şu ýyl şugundyra 200 gektar ýer bölüp berdiler.

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem jemi 3 müň gektarda şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şugundyry gaýtadan işleýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk kärhanadyr. Ulanyljak tehnikalary, ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlaryny, kärhananyň önümçilik desgalarynydyr enjamlaryny işjeň we ygtybarly ýagdaýa aýny wagtynda getiren bu kärhanada şu möwsümde 200 müň tonnadan gowrak şugundyr hasylyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Güldesse GULLAROWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok