Ýakynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň Tehnologiki direktory A.Bolhowitýanowyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşikde, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, bu ulgamlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň Tehnologiki direktory «Yandex gözleg» ulgamyna türkmen dilini girizmek, «Yandex karta» ulgamyna Türkmenistanyň işlenen kartasyny girizmek hem-de birnäçe berilýän hyzmatlara integrirlemek («Yandex taxi», Emeli aň, Emeli aňly taksi hyzmaty, Emeli aňly eltip bermek hyzmaty we ş.m.) we «Bulut tehnologiýalary», maglumat gorlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdi.
Şeýle-de duşuşykda, beriljek hyzmatlary ýurdumyzyň ýerli (lokal) serwerlerinde gurnamak mümkinçiligi barada gyzyklanyldy. «Yandex» kompaniýasynyň Tehnologiki direktory Aleksandr Bolhowitýanow öz gezeginde bu ugurlarda hyzmatdaşlyga isleg bildirilen ýagdaýynda aýratyn hünärmenler bilen iş duşuşygyny guramaklygy teklip berdi.
Jennet ŞIROWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Ýewropa dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler