Özbegistan Türkmenistanda ulaglaryň we elektrik tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada Özbegistanyň wise-premýeri, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Daşkentde duşenbe güni geçirilen Özbek-türkmen ykdysady forumynda belläp geçdi.
Özbegistanyň wise-premýeri, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda esasan hem senagat, ulag we logistika hem-de sebitara hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrmalydygyny belledi. Geçirilen ykdysady forumda “Uzavtosanoat” we “Turkmenistan-Motors” kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanda ýörite tehnika öndürmek barada şertnama baglaşyldy.
Berilen beýanata görä, “Türkmenistan-Motors” AGPJ önümçiligiň birinji ýylynda 10 müň sany oba hojalyk tehnikasy we tirkeg öndürmegi meýilleşdirýär we 4-5 ýylyň içinde önümçiligini ýylda 50 müňe çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Emir GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler