Diýarymyzda 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Garaşsyzlyk bu – biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden ybaratdyr.
Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, başymyzy gök diretdiň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýip belleýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaşdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açyldy we ulanylmaga berildi. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiňiz!
.
Ilaman Bahadurow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler