Tatarystan Respublikasynyň medeniýeti hakynda aýdanymyzda, 2000-nji ýylda Kazan Kremliniň taryhy we medeni toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy miras sanawyna girizilmegi bilen tassyklanýar. Tatarystan Respublikanyň çäginde ýaşaýan halklaryň baý däp-dessurlaryny we ruhy şahsyýetini özünde jemleýär. Tatarystanyň medeniýeti, şol bir wagtyň özünde ähliumumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär we dünýä medeni mirasynyň bir bölegidir. Bu ýurduň halky ilki bilen medeni mirasynda ýaşaýan halkyň taryhy ýadynyň gymmatlyklaryna düşünýärler. Tatarystan Respublikasynyň Döwlet simfoniki orkestri, tutuş Russiýa derejesinde Tatarystan Respublikasynyň iň ajaýyp saz ansambyllaryndan biridir.
Russiýada ilkinji bolup, Tatarstan Respublikasynyň Prezidentiniň goldawy bilen garaşsyz özbaşdak edara statusyny aldy. Bu bolsa sebitdäki medeniýetiň özboluşlylygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan we Tatarystan Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-ynsanperwer babatda ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlygyna öwrüldi. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan döredijilik forumlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda tatarystanly döredijilik toparlary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara festiwallaryna we Aşgabatda guralýan beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşdylar. Ýene-de bir belläp geçmeli zatlaryň biri Tatarystan halkynyň dostlugy öýünde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri” atly syýahatçylyk we foto sergisiniň açylmagy bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda medeniýet günleri uly dabara bilen bellenip geçildi.
.
Altyn Çaryýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutyny talyby.
Teswirler