BELENT SEPGITLERIŇ BUÝSANJY

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady galkynyşlaryny bütindünýä ýaň saldyrjak örän giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi.

Özygtyýarlylygyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen döwleti öz kämillik ýoluny saýlap, beýik ynam bilen öňe sary gadam basdy. Geçen sanlyja ýylyň içinde halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy milletimiziň ruhuny galkyndyryp, ösüşiň täze basgançaklaryna tarap giň ýol açdy. Hut şonuň üçin hem şanly Garaşsyzlyk toýuny halkymyz altyn eýýamyň başlanýan güni hökmünde dabaraly garşylaýar.

Garaşsyzlygyň döredýän tolgundyryjy täsirleri ruhy dünýämizi gözelleşdirýär, onuň täsiri bilen özüňi erkana, öňküden-de güýçli, gaýratly duýýarsyň. Soňky ýyllarda Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösüşine her birimiz şaýat bolýarys, halkymyzyň ykbaly şowlap, tebigatymyzyň hazyna-genjiniň, topragymyzyň bereket-rysgalynyň külli türkmeniň eşretli durmuşyna siňýändigine guwanýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin.

Mähri HALMUHAMMEDOWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok