Türkmenistanda kitapsöýerleriň sany 5 esse artdy

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Arçabil» otelde geçýän onlaýn žurnalistika okuw maslahatynda Readit.Store internet saýtynyň esaslandyryjysy Myrat Haýytbaýew öz müşderileriniň arasynda 2015-nji we 2018-nji ýyllarda geçiren soragnamalarynyň esasynda kitapsöýerleriň sanynyň 5 esse artandygyny belläp geçdi.

«Sosial torlarda žurnalistikany alyp barmagyň tärleri» temasy bilen çykyş eden ýaş telekeçi Myrat Haýytbaýew, wizual we tekst kontentleriň okyjylara täsirli ýetirmegiň usullary barada tejribeleri paýlaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok